IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

GUMLY ÇYKYPDYR

Haktagala, bu ne-niçik ahwaldyr,
Dury diýp içdigim gumly çykypdyr[1].
Ne ýeser, bihuda, şum-keç ykbaldyr,
Halal diýp iýdigim jimli çykypdyr.

Kimse syrym bilmez, özün öldürse,
Pakyr bendelere Taňry bildirse,
Ile şatlyk, şadyýanlyk güldürse,
Maňa hemra bolan gamly çykypdyr.

Amuhta men örtenmäge, bişmäge,
Kişi ýok sözleşip, dert aýdyşmaga,
Oba ujundan bardym öý soraşmaga, –
Ýa laldyr, ýa agzy mumly çykypdyr.

Menden şikat eder elim gerenim,
Galbirden şal çykar syrym berenim,
Pakyr diýp, paşmagna elim uranym,
Deprenende, döwden demli çykypdyr.

Magtymguly, hasaby ýok görenim,
Tama tutup, umyt elin gerenim,
Obasyna ärmiş diýip baranym,
Etegne el ursam, ... çykypdyr.


 

[1] Golýazmalarda “laýly çykypdyr” nusgasy hem bar

Görülen sany: 1338
Okalyşyna berlen baha: 2.9