IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DON BOLSA

Ten ýapmaga köýnek istär ýalaňaç,
Köýnekli diýr: wah, üstünden don bolsa.
Baş saglyk diýp, Hakdan dilär garny aç,
Bäşin tapsa, arzuw eder – on bolsa.

Ol ýigit ki, çeke-çeke hasraty,
Saparlyk ýükläre bolsa döwleti,
Ýany birle tapsa ýaragy-aty,
Ýene diýr ki: mugt, tükenmez nan bolsa.

Köp nan tapyp, eger bolsa köňli şat,
Gyz-gözelden mahbup istär hem öwlat,
Bu döwleti peýda etse adamzat,
Köňli istär, beýik şähre han bolsa.

Hem han bolsa, hem dünýäsi taý bolsa,
Hem ölmese, hem esbaby şaý bolsa,
Hem bermese, hem çüýrimez baý bolsa,
Ýagşy ady hem dünýäde dan bolsa.

Magtymguly, görüp duşman tagnasyn,
Mert oldur, şat tuta gamdan synasyn,
Ýer ýüzi doldurmaz gözüň hanasyn,
Karun kimin gaznaň näçe kän bolsa.

Görülen sany: 1234
Okalyşyna berlen baha: 3.0