IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DAŞYMYZA

Şum pelek girdaba saldy köp hyýal başymyza,
Çyksak eger ki, kenara, tor gurar daşymyza.

Baş alyp gidip bu ýurtdan, tutsam ki gaýry watan,
Geler ol pasly-baharda, ýagmyry gyşymyza.

Göç turar göwnüm goşuny, bakyban permanyna,
Günde bir wekili ýollar, arz edip gaşymyza.

Roýy-kamatyny görsem, ýok kararym, neýlärem,
Gündizlerne nalyş etsem, gije girer düýşümize.

Ölübän ýar goludan, boldum ki men hem bes, şehit,
Bir zaman rahat bermeý, guşlar gonar läşimize.

Ýokdur rehmi şum pelegiň, aýyrar dost-ýarydan,
Gör, niçe eýýam ötüp, düşmez göz gardaşymyza.

Şunça arz edip garasam, ýoluna gözler tutup,
Ýüregi daşdan gaty, erimez nalyşymyza.

Garry molla − Pyragy, ötdi ýigitlik paslymyz,
Günde ýüz wagt nalyş etsem, çäre ýok ýaşymyza.

Görülen sany: 1458
Okalyşyna berlen baha: 0