IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

BIZE ROWANA

Nesip tartyp, biz hem düşsek ýollara,
Diýiň iller bolsun bize rowana.
Nuh goldaýyp girer bolsak sallara,
Pata beriň nazar tutup ummana.

Goja daglar serin egip, ötürse,
Saba gelip, arzym ýara ýetirse,
Yza dönüp, ýar jogabyn getirse,
Höwes bilen ismin ýazsam dessana.

Gojalykdan göwnüm laýa batypdyr,
Pelek oýnap, ykbalymy satypdyr,
Gözün ýumup, elli okun atypdyr[1],
Gelip orun tapyp girmiş bu jana.

Mejnun menem Meňli hanyň odunda,
Ýanyp-köýsem, ýokdur onuň ýadynda,
Perhat-Şirin, Zöhre-Tahyr adynda,
Taglym alyp, boldum menem perwana.

Hindi hallar gül ýüzünde jugradyr,
Zar eýleýip, çeken ahym nagradyr,
Hijran wasyl, jigerimi dogradyr,
Owazasy dolup onuň Eýrana.

Magtymguly, unutmagyl iliňi,
Uzyn ýaly, gysgaldawer diliňi,
Ýol ýörir men diýseň, bagla biliňi,
Bezirgenler gider Mazanderana.


 

[1] Bu ýerde elli ýaşa ýetendigi beýan edilýär.

Görülen sany: 986
Okalyşyna berlen baha: 0