IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ZAMAN GALMADY

Kim gam çekdi, kim aglady, kim güldi,
Eşretli bir gözel zaman galmady.
Kimiň bagty ýatdy, kimiňki galdy,
Hiç kimsä eşretli döwran galmady.

Kimiň saly uýgun ummanda akdy,
Kimse arz eýledi, kim hana bakdy,
Ençeler adyna Görogly dakdy,
Namysly, edenli pälwan galmady.

Kör boldy mollalar, ýapyldy ýollar,
Titreşer, Gurhana ýetmeýir gollar,
Rüstem Zal bolupdyr azan aýallar,
Ärine jür bolan juwan galmady.

Akly barlar tartdy özün kenara,
Garyp düşüp, galdy çykmaz azara,
Golun baglap, tutan saldy bazara,
Il içinde halyn soran galmady.

Magtymguly, gaýra çekgil özüňi,
Anyk bil, oýarlar iki gözüňi,
Diňlän ýokdur, zaýa kylma sözüňi,
Indi senden habar alan galmady.

Görülen sany: 1107
Okalyşyna berlen baha: 0