IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

SEDA BOLDUM

Sandywajy-sermestem, bergimden jyda boldum,
Bergimi hazan çaldy, bisowt-u seda boldum.
Bir gülçehre ýolunda bihuda pida boldum,
Bet işlere baý boldum, haýr işe geda boldum,
Pyrkat, waslat, her ne ki – aslyn ez Huda bildim,
Barçany bidar gördüm, özüm uýkuda bildim,
Dünýäge dura gelen, eglenmeý gide bildim,
Iýenim awy sandym, geýenim reda bildim,
Köýdüm, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.

Ýaranlar, ýoldaş boldum nebsi-howa zalyma,
Keýik deý gaçar, barmaz, nesihatgöý alyma,
Serkeşligin Suhana meşhur etdi äleme,
Men nädeýin, eý, dostlar, ugursyz ykbalyma, 
Goýmady öz halyma, ýörirge mejalyma,
Ne gazanja guwanjym, ne hoşwagtlyk malyma,
Jöw mukdaryna geçmez bu jahan hyýalyma,
Bilmen, älem ne köýde, men haýran öz halyma,
Köýdüm, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.

Jähl işine çapyk men, Alla emrine suster,
Garky-zalalat boldum, hidaýaty Sen göster,
Ne derwüş men, ne molla, ne sopy ähli-dester,
Gardaşlar gulak berse, aýtsam sözümi raster,
Pikir eýläň, kim bardyr Eýämden özge doster,
Bendelikde bolmasaň, bolganyň ýagşy nister,
Görmedim Gün astynda hergiz özümden pester,
Ataşa laýyk bolmaz eda bolan häkister,
Köýdüm, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.

Sährasyna Süleýman ger sürse set syýasat,
Gelse peri patyşahy-Aktemir-u Janpolat,
Ýüz-müň döwe baş bolan döw töresi Demirbat,
Meges şasy Turtarus hemralyk etse, heýhat,
Mur mäligi Münzere gelse bihet, begaýat,
Musa nur golun açyp, Isa okyp ýüz aýat,
Hydyr doga eýleýip, Ylýas etse mynajat,
Mundag murda jesede muhaldyr tapmak nejat,
Köýdüm, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.

Magtymguly, misginem, köňlüm öýi nämagmur,
Söze ýakyn bende men, haýrym kem-u şerim zor,
Özüm halka näkabyl, ykbalym keç, bagtym şor,
Näşaýeste agmalym, göýä gadam urar kör,
Meger Eýäm istese, bolgaý nuran ala nur,
Ýeter tarfatyl-aýnda mehjur bolup düşen dur,
Betgylyk birle boldum jahan içinde meşhur,
Degirmen deý baňgir men, semender deý ataşhur,
Ýandym, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.

Görülen sany: 1088
Okalyşyna berlen baha: 5