IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

SALDY DIÝDILER

Ähli-kuhy-Kapdan Dehistan üzre,
Bir mekan leşgerin saldy diýdiler.
Byragyn galgadyp, inip güzere,
Bir damja suw goýman sordy diýdiler.

Bejan harap bolmuş ahy-zar bilen,
Türküstan söweşip ençe mar bilen,
Isa gaçyp gitmiş ýeke har bilen,
Owazy älemge doldy diýdiler.

Dökülip galdylar zarlap beýtinler,
Çykypdyr janlarmyz, boş galyp tenler,
Şöhlesizdir Mahlar, tutulyp Günler,
Asmandan bir bela geldi diýdiler.

Başy boş galypdyr bolan juwanlar,
Tagtyn unudyp şa, ötüpdir hanlar,
Titreşip gara gan olup pälwanlar,
Gül ýüzi sargaryp soldy diýdiler.

Hywa gark bolupdyr gamyň siline,
Tagma basypdyrlar türkmen diline,
Eýran jebr edipdir gözel iline,
Barysy gaçyşyp geldi diýdiler.

Gudratyndan düşüp köp uly pirler,
Daglar ýykylypdyr jünbüşläp ýerler,
Akyllar uçupdyr boş galyp serler,
Bir gudrat göterip çaldy diýdiler.

Özün yrak taşlap sarwansyz mallar,
Söküp gidipdirler köp uzak ýollar,
Ummanda gark bolşup eýesiz sallar,
Gol serip, aglaýyp galdy diýdiler.

Budur seniň jebriň, eý zalym pelek,
Gör, ne gözel janlar eýlediň heläk,
Pyragy, pişeler barysy telek,
Alla nazaryny saldy diýdiler.

Görülen sany: 1195
Okalyşyna berlen baha: 0