IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

HARY-ZAR BOLDUŇ

Adam ogly, gelip pany jahana,
Pelegiň golunda hary-zar bolduň.
Dahan açyp, gol ýetirdiň zybana,
Çoh sözlär sen, dile bir azar bolduň.

Ili göçer bolsa, ýiter ýollary,
Ne adamlar gezer, ne-de mallary,
Ençe zalymlaryň gyrnak-gullary,
Ol zalym golunda segden har bolduň.

Şalar misgin düşer, tapmaz dermanyn,
Watandan daş düşen islär mekanyn,
Ne sebäpdir telmurar sen, eý, janym,
Kaýda ot alyp sen, suzan-nar bolduň.

Her kim öz-özünden göwnüni beslär,
Hiçeler hak diýer, niçeler toslar,
Dag serinden baksaň göwün höweslär,
Deşt içinde galyp, bikarar bolduň.

Kimse bilmez ne gowga bar gaşynda,
Gündiz hyýalynda, gije düýşünde,
Adam ogly, ne kulahdyr başyňda,
Niçe eýýam gezip bihabar bolduň.

Kör ýanyndan aýdar: «Dünýäni görsem»,
Aýaksyz zeýrener: «Ýel deýin ýörsem»,
Misgin pakyr aýdar: «Uly toý bersem»,
Namart şaha diýer: «Isgender bolduň.»

Şalar adyl bolmaz, daglar ― dumansyz,
Çöller gurtsuz galmaz, baglar ― reýhansyz,
Kimler hülle geýer, ençeler donsuz,
Kimse açdyr, kim göwher bisýar bolduň.

Kimi jebir eýlär, kimseler asy,
Kimsäge murdardyr, kimlere yssy[1],
Zenana ýeg ýarar Gürgen howasy,
Daýym ol dert bilen rozygär bolduň.

Ençeler meýlisde istär jenany,
Kimler dahan açmaz tutar zybany,
Bisýar eýleýip sen harsydünýäni,
Ýüwrüp, päl yzynda sen süýthor bolduň.

Niçäni söýerler, niçe bigymmat,
Niçe parhyn bilmez, ne dindir, ymmat,
Niçe gözel tapar ― mysaly surat,
Ýaranym, haýýara sezewar bolduň.

Bir pany diýerler ýalan jahana,
Ölene eýlärler  ony bahana,
Niçe serwi ogşar boldy reýhana,
Hazan degip sowsan, ne murdar bolduň.

Niçe daýym bentdir, dünýäni gezmän,
Niçe galat sözlär, ýerden üzülmän,
Niçe ýegsan boldy, niçe bozulman,
Niçe sahypjemal, gör, haýýar, bolduň.

Kimler galat tapsa, haky sözlemez,
Kimse gözi bentdir, dünýä gözlemez,
Kimler syryn saklar, kimse gizlemez,
Sen, syrym, panyda, bak, äşgär bolduň.

Gojalar diýerler: «Ýigdelse salym»,
Niçe aýdar: «Gojalykdyr hyýalym»,
Ne ajaýyp gözel ol tirme şalym,
Namartlar bilinde sen zünnar bolduň.

Ne gaflat ukudyr, eşdilmez sesiň,
Ýolundan gaýdarlar, görünse pisiň,
Magtymguly, özüňçe ýok näkesiň,
Gullugynda ýörüp, hary-zar bolduň.


 

[1] Bu ýerde şübheli ýa-da haram zatlaryň kimleriň haram hasaplaýandygyny, kimleriň bolsa onuň neneňsidigine üns bermän, özüniň bähbidine çapýandygy aýdylýar.

Görülen sany: 2004
Okalyşyna berlen baha: 0