IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

GÖRER GÖZÜŇ ― ILIŇI

Gel, göwün, men saňa öwüt bereýin,
Yrak kylma görer gözüň ― iliňi.
Gymmatyn gaçyrma, ýerinde sözle,
Uzatmagyl her näkese diliňi.

Doga eýle, bir söz diýseň aşagyn,
Hormatlagyl gözel iliň uşagyn,
Ýazdyrmagyl, mäkäm eýle guşagyn,
Ýeri bardyr, ajap sakla biliňi.

Çagyrylmaz jaýda görünme, barma,
Başarsaň, sopynyň ýüzüni görme,
Pikir-zikriň dünýä malyna berme,
Karuna ogşatma, tutgun päliňi.

Sözüne ber jogap, her kes sorasa, 
Özüň yrak eýle, namart ýörese,
Bir misgin telmuryp, ýyglap garasa,
Baha urma, mugt bergin malyňy.

Gorkma namartlaryň köp diýp sanyndan,
Gara görse, bary geçer janyndan,
Ugrun tapsaň, ötmäwergil ýanyndan,
Bahyllardan yrak eýle ýoluňy.

Akylly baş köpdür, akyl kesen azdyr,
Datma şerap, uzak içseň, ol azdyr,
Mert göwnünde daýym bahardyr-ýazdyr,
Mejnun umman içre salma salyňy.

Magtymguly, akyl başymdan uçdy,
Ykbalym ýatypdyr, döwletim göçdi,
Pir-kazylar para istäp, gol açdy,
Haram eýle, emma berme puluňy.

Görülen sany: 574
Okalyşyna berlen baha: 0