IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ELDE BARY BOLMASA

Zamana beýledir – göze ilmezler,
Her ýigidiň elde bary bolmasa.
Ýüz tümenlik sözün şaýa almazlar,
Her kişiniň ygtybary bolmasa.

Ten bir dar kapasdyr, jan bir wagşydyr,
Dile gelen sözler köňül nagşydyr,
Otly, suwly tamug ondan ýagşydyr,
Her ülkäniň bir bazary bolmasa.

Begzadalar galdy çopan tährine,
Ten haçan döz geler ýylan zährine,
Bibat bolup, döner Lutuň şährine,
Her ülkäniň häkim äri bolmasa.

Dünýäde aňlardan aňlamaz kändir,
Bilmez bir beladyr, bilenler – jandyr,
Ol ýigitler adam dilli haýwandyr,
Söz aňmasa hem ygrary bolmasa.

Ýigide ýoksullyk ýaman beladyr,
Sözüni deň-duşdan gaýra saladyr,
Ýaman gylyk dosty duşman kyladyr,
Guryp galsyn il derkary bolmasa.

Hak her kime bir ýagşy ýar bermändir,
Sözi ahdyr, içi doly armandyr,
Ýüz ýaşasa, bäş gün ömür sürmändir,
Her kimiň mynasyp ýary bolmasa.

Magtymguly, Haka tabşyr özüňi,
Her namarda, sarartmagyn ýüzüňi,
Terhosym bar terk etgil bu sözüňi,
Näge gerek hyrydary bolmasa.

Görülen sany: 1618
Okalyşyna berlen baha: 2.9