IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DUMAN PEÝDA

Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda.
Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,
Gögermedik gyýalar, gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanata hem sud-u zyýan peýda,
Ýer ýüzünde ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,
Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda.

Çöl tarapyn berk edip, der açar suwa harçeň,
Zemin sebzewar olup, teninden aýrylar zeň,
Jünbendeler mest olup, göýä içmiş arak, beň,
Her eşýanyň özüne öz owazy bolar geň,
Sebze içre sandywaç ýüz dilde kylar äheň,
Zemin hazarpuş olup, gül bitirmiş reňbe-reň,
Hyruja gelip älem, kylarlar pygan peýda.

Surud-u seda birle, jahan ýüzi abatdyr,
Olma suruda magrur, paýanasy bibatdyr,
Hak yşkynda zinde jan, biliň, baky haýatdyr,
Her tende yşk olmasa, rozy-ezel mematdyr,
Ýaz ötinçä ýer-u gök, günden-güne zyýatdyr,
Bir haşry-kyýamatdyr, bir ýowmy-arasatdyr,
Dähr içre bolar her dem, jahan içre jan peýda.

Zerbaba zowkun olma, baka ýokdur döwletde,
Ömrüňi bada berme, sen bu daryl-mähnetde,
Ýeter saňa ir-u giç, ne ýazylsa kysmatda,
Janyňa jepa eýläp, munça gezme hasratda,
Sogap ýagşy amalda ýa jud ýagşy niýetde,
Älem barça hyzmatda, adam ýatyp gaflatda,
Hasylyň ataş bolgaý, eýleseň ýaman peýda.

Magtymguly, ýyglar men bu bagty-syýahymdan,
Gorkaram jan apaty, el-aýak güwähimden,
Umydym hasyl olmaz, bu ömri-tebahymdan,
Jan köýdi jeset içre bu ataşy-ahymdan,
Golum sunup, dilär men hajatym Allahymdan,
Bende men, umydym köp ol keremli Şahymdan,
Eýlegeý arasatda gül kibi iman peýda.

Görülen sany: 1180
Okalyşyna berlen baha: 0