IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DÖWLETALYNYŇ

Sünnüýe sütündir, kapyra setdir,
Çalsa tygy-tizi Döwletalynyň.
Älemde dessandyr, illerde hatdyr,
Söhbet içre sözi Döwletalynyň.

Sözleri pent bolup galdy dillerde,
Pakyrlar penahy ýaman günlerde,
Yrak ülkelerde, ýakyn illerde,
Dost-duşmany razy Döwletalynyň.

Çoh jahangir etdi ömri bolynça,
Ýaradan ýok edip, ýere salynça,
Ýalançyda ýaýnap, täki ölinçä,
Sowulmady ýazy Döwletalynyň.

Har geçmez her kimi mydam islese,
Takdyrdan daş çykmaz geňeş taslasa,
Bürgüdi alardy laçyn beslese,
Şir alardy bazy Döwletalynyň.

Agyr uruglydyr hem beýik illi,
Köp ýygylsa meşhur, älemde belli,
Meýdanda – gylyçly, diwanda – dilli,
Ýüze taýdyr özi Döwletalynyň.

Dileg etse, doň daşlary erider,
Gazap etse, hökmi daglar ýörüder,
Güneşden göwherdir, Aýdan dürüdir,
Pelekde ýyldyzy Döwletalynyň.

Sansyz ile serkerdedir, soltandyr,
Jeň ýerinde jellat, belki, arslandyr,
Menzili − metjitdir, öýi − diwandyr,
Gijesi-gündizi Döwletalynyň.

Temennasy ýerden asmana deňdir,
Bişede babyrdyr, dagda peleňdir,
Gämige labyrdyr, derýa näheňdir,
Her ýan barsa özi Döwletalynyň.

Naçarlaryň eňreşerler sag-solda,
Hiç biri bolmady derdiňe dalda,
Bedew bagda galdy, ýoldaşy ýolda,
Diýinmez habary Döwletalynyň.

Magtymguly, geçdi dünýäde deňsiz,
Törelikde − taýsyz, ärlikde − eňsiz,
Pygamber − peýsizdir, Süleýman − soňsuz,
Şoňa meňzär yzy Döwletalynyň.

Görülen sany: 945
Okalyşyna berlen baha: 0