IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DÖNDI DÖWÜR ÝAMANA

Eý, aşyklar, aglar men, geldi, geçdi zamana,
Ýagşa gadyr bolmaýyn, döndi döwür ýamana.
Ýaman aldy jahany, dönmez dili imana,
Köp pakyrlar aglaşyp, geler ondan amana,
Istäri bar az wagtdan derhem bola zamana.

Ne sapaly günmüşdik, deň-duş bile baş goşman,
Başyň aldyň garyldyň, ne dost bildiň, ne duşman,
Eý, ýaranlar, sud etmez imdi etseň müň puşman,
Dünýäsine dolaşman, ogul-gyza bulaşman,
Ne hözirli günmüşdik bolup gitsek diwana.

Düşmegin ham hyýala – dünýä gelen ölmezler,
Gelen geçer dünýäden, biri aman galmazlar,
Janlar çekip çagyrsam, dogry ýola gelmezler,
Her ne bolsa ýuwdarlar, halal-haram bilmezler,
Diýrler: Hakdyr Muhammet, uýupdyrmyz Gurhana!.

Döwran, niçik döwran sen, garyp aglar, il dynmaz,
Zulmy artar zalymyň, hiç köňlüne rehm inmez,
Jahany ýakdy gitdi, ýamanyň ody sönmez,
Bir Muhammet hatyrna ýer ýarylmaz, gök inmez,
Çarh guwanyr bu işe, bolmaz ahyrzamana.

Gapyl galdym, ýaranlar, öz-özümden riştim ýok,
Hakdan gaýry hiç ýerde penahym ýok, puştum ýok,
Pikir bahryna girdim, ýelkenim ýok, kiştim ýok,
Magtymguly, men mundan çykar ýaňlyg deştim ýok.
Elim bersem tutan ýok, düşdüm düýpsüz ummana.

Görülen sany: 1720
Okalyşyna berlen baha: 2.8