IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÇYKYP OTURMYŞ

Gaws äre barabar bir kimse ýokdur,
Terki-dünýä bolup, çykyp oturmyş.
Aktap bir menzildir, manzary Hakdyr,
Ol ferşi-aglaýa çöküp oturmyş.

Du ten sag-solunda ymameýn diýrler,
Sagyndaky — göge eýlär tedbirler,
Solundaky — Ýere serenjam biýrler,
Ýer enjamy bilen bakyp oturmyş.

Aňladygym işi eýlesem yzhar,
Baby-Hakdan keşf olmuşdyr bu esrar,
Ýene Öwtat diýrler dört kimerse bar,
Dünýäniň dört künjün çekip oturmyş.

Şunça ary, şunça päkdir zatlary,
Jahan içre ýakar andek otlary,
Ýedi är bar, Budeladyr atlary,
Bolajak şer işi kakyp oturmyş.

Hakykat ýolundan habarly ärler,
Bu sözüm eşitgeç, çyn gulak biýrler,
On iki är bardyr, Rukaba diýrler,
Onki işi boýnuna dakyp oturmyş.

Bular jahana jan, jahan göýä ten,
Aýdaýyn beýanyn, gulak bergil sen,
Atlary Nujaba, özleri — çilten,
Erbegyn-da mydam okyp oturmyş.

Ýedinji guruhy Nukaba, biliň,
Üç ýüz ärdir, söze bir gulak salyň,
Üç ýüz altmyş alty eren her ýylyň,
Her gününe biri nekip oturmyş.

Bular nazar eden düşerler joşga,
Salar dünýä mestin hakykat yşka,
Efrady-menna diýr bulardan başga,
Halky melamata ýakyp oturmyş.

Magtymguly aýdar, dostlar men gümrah,
Haýran galdym, bir menzilde tapmaý rah,
Üç ýüz gelip etdi özlerne hemrah,
Ýanyk bagrym ýaşyn döküp oturmyş.

Görülen sany: 979
Okalyşyna berlen baha: 2.9