IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝYL BILE

Başyňa gelendir garrylyk gyşy,
Hiç aýrylmaz aýlar bile, ýyl bile.
Döküldi dahandan Hak beren dişi,
Ýokdur hoşum süýji sözli dil bile.

Ýagty jahan gözlerime zyndandyr,
Gije-gündiz ganly ýaşym rowandyr,
Ýüregim takatsyz, kalbym armandyr,
Höwesim ýok, dostlar, gyzyl gül bile.

Ötdi menden ol ýigitlik gaýraty,
Garrady, aýryldy guýrukdan aty,
Pelek başa saldy çykmaz apaty,
Dyzda kuwwat ýokdur, egri bil bile.

Dolandy daşyma baky gerdişi,
Ýatsam-tursam çykmaz dünýäniň işi,
Dat eýläp çekerem ençe käýişi,
Ömrüm geçip barar altmyş sal bile.

Essimden çykardym guşum, awlagym,
Burnun ýele tutup gaçdy owlagym,
Ner-maýa çyrpynan otly ýaýlagym,
Göýäki düýş boldy, gitdi çöl bile.

Pyragy diýr, ýok dünýäde höwesim,
Ýeke dinde bolup galdy yhlasym,
Zar eýläp aglasam, diňlenmez sesim,
Arzuwym galmady gözel il bile.

Görülen sany: 846
Okalyşyna berlen baha: 0