IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

OGLUM – AZADYM

Azady:
–        Paş eýle syryňy, saklama pynhan,
Emma ki, sözümden çykmagyl, oglum!
Günde ýüz küý geler-geçer bu başa,
Agyrtma köňlümi, ýykmagyl, oglum!

Magtymguly:
–        Utanardym, syrym paş eýlemezdim,
Paş ederin, habar alsaň, Azadym!
Ýüz küý geler-geçer her gün bu başa,
Istäri bar, sapar kylsak, Azadym!

Jepa urma özüň, çagyr Möwlany,
Arzuwlama hany, begi, soltany,
Besdir bize owwal Taňry bereni,
Aldyrma köňlüňi, gitmegil, oglum!

Gidenmiz ýok alty bile, bäş bile,
Seýran etsek niçe deň-u duş bile,
Meger şonda gamgyn köňlüm hoş bola,
Köňül galkar, karar etmez, Azadym!

–        Bilgeşleýin özüň nirä atar sen?
Niçik işdir, muny beýle tutar sen?
Diýgil ahyr, kimiň bile gider sen?
Dem tartyp, her ýana bakmagyl, oglum!

Jylawdary bolam Ýazyr han piriň,
Köňül guşy perwaz urar pakyryň,
Bu gün ýedi gündür, «Alhamd» okyryn,
Şat eýle köňlümi, goýber, Azadym!

Werzişiň ýok, ýaş sen, gide bilmer sen,
Şöwür bar, şowhun bar, çyda bilmer sen,
Her işe baş goşup, ede bilmer sen,
Gitmeklik ýagdaýyn etmegil, oglum!

Kişi sözlemeýen, syry paş olmaz,
Ýagşydan-ýamandan aňlan ýaş olmaz,
Şu gez ibermeseň, köňlüm hoş olmaz,
Raýymyz gaýtarma, goýber, Azadym!

–        Bizi beýle niçik terk edesiň bar?
Bu ýol bihudadyr, bir gidesiň bar,
Gel, gitmegil, oglum, çoh terhosym bar,
Gaýga, harajata batmagyl, oglum!

–        Kalbyma giripdir gitmek höwesi,
Teňňedir, dirhemdir halkyň tamasy,
Köňlüm närow etme, kylma terhosy,
Bir sapar işidir, goýber, Azadym!

–        Gurhan okap gezgil, ýagşy kelamdyr,
Birehim owgandyr, dini yslamdyr,
Garakçydyr ýollar, hyzdyr-haramdyr,
Ölermiň, ýitermiň, gitmegil, oglum!

Synaýyn, göreýin, bu gün ykbalym,
Ýagşy gün, hoş sähet gelipmi salym?
Kast edip janyma, ýetse ajalym,
Bu ýerde hem bolsa, tapar, Azadym!

–        Azady diýr, bile sapa süreli,
Eýsem ibereli, synap göreli,
«Ämin!» diý, tur, oglum, pata bereli,
Bir Taňry ýar olsun saňa git, oglum!

Magtymguly aýdar: galmyşam çohdan,
Köňül guşy telwas urar yrakdan,
Her ýerde saglygym iste ol Hakdan,
Doga kylyp, Haka ýalbar, Azadym!

Görülen sany: 816
Okalyşyna berlen baha: 0