IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

MEŇZEMEZ

Eý, seniň dek bir peri, gaýry jenana meňzemez,
Kirpik-hanjar neşteri, tiri-kemana meňzemez.

Roýy aý dek, jurga hallar, bendi kylar göreni,
Şuglasy älem ýakar, mahy-tabana meňzemez.

Lebi nar-u aby-köwser, ençe bijan tirgizer,
Bagş eýleýir ol köwseri, päli Karuna meňzemez.

Zülpi syýa sünbül peri, älemi kyldyň bikarar,
Terk edip sen ençe dükan, gaýry dükana meňzemez.

Roýuň üzre külli älem, jemalyny bent kylyp,
Desmal tutup, köýdürer sen, hüýr-gulmana meňzemez.

Bu pelegiň çarhyny sen, erki bilen eýeläp,
Bu dünýäni kyldyň behişt, esgi jahana meňzemez.

Ol Ýusubyň jemalyny, bagş kylmyş Hak owaly,
Iki jahan soltany sen, Süleýmana meňzemez.

Magtymguly älem içre, barça jenan hem gözel,
Barysy bir kenizdir ki, Meňli hana meňzemez.

Görülen sany: 1547
Okalyşyna berlen baha: 0