IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DERT OLDY

Köňül berdim bir biwepa mahbuba,
Çykdy elden, dagy jana dert oldy.
Aşyk diýr: «Bakmanam indi ol huba»,
Ýol üstünde duşdy, gözüm dört oldy.

Menlik bilen etdim işimi zaýa,
Ykbalym eşegin batyrdym laýa,
Ýa bir merde ýykyl, ýa-da Hudaýa,
Bende işi baş tutmady, art oldy.

Tugunym tur bolup gaçdy saýýatdan,
Göwre gamdan doldy, ýürek hem otdan,
Gorkaram, ýar bizi çykarar ýatdan,
Aýry ýerde mesgen tutdy, ýurt oldy.

Sonam el bermedi, saldym bazymy,
Laçyn kowdy, garga aldy gazymy,
Şunça pakyrlyga saldym özümi,
Tilkilenip gezdim, adym gurt oldy.

Magtymguly, ýüregimde dert dörär,
Kim görüpdir, koý içinden gurt dörär,
Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dörär,
Kaçan turdy – namart ogly mert oldy.

Görülen sany: 892
Okalyşyna berlen baha: 0