IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

BAR MENIŇ

Eý, ýaranlar, neýleýin men, köýen janym bar meniň,
Bazary weýran bolupdyr, ol dükanym bar meniň.
Dowzah odundan beter ataş suzanym bar meniň,
Yşka özün gurban kylan bir perwanym bar meniň,
Neýleýin sepil gezip, Hindistanym bar meniň.

Gül ýüzüni kylsa puş ol, Aý-Gün ondan uýalar,
Bag içine girse meger, şuglasyndan gül solar,
Nazar salsa gazap bilen, bu jahan weýran bolar,
Ölüler jana girip, betbagtlar ykbal alar,
Neýleýin ol arap zyban, asal zybanym bar meniň.

Geldi ebir, kyldy söweş suýy-asman saýyda,
Behişt Erem hasyl olmuş bu jahan saraýyda,
Seýil kylyp geler boldy Remezanyň aýyda,
Dowzahlar behişt bolupdyr, toba eýläp jaýyda,
Bu zeminiň üzresinde lämekanym bar meniň.

Külli älem yşky birlen ot alyp nara bişer,
Roýuna muştak bolupdyr, köwkepler ýere düşer,
Serwiler gül bitirip, etrapyna gözel üýşer,
Jemal üzre hindi hala haýrandyr haýrul-beşer,
Külli älem gözelinden zyýat jananym bar meniň.

Kapas içre telmuryp, yşkyna perwana men,
Bilbil oldum, ýetmedim, ol gözel reýhana men,
Ser salyp kyldym nazar, bu yşky-pynhana men,
Yşky bilen häkister bolan natuwana men,
Istemez men ol behişti, behişt mekanym bar meniň.

Görenleriň gözi doýmaz, görmegen arman çeker,
Roýuna maýyl bolup men, tütünim asman çykar,
Bagy içre bolsam hasyl, alnymdan reýhan çykar,
Zülpi-syýa käkilinden gözel zerefşan çykar,
Zerefşan dahyl imesdir, Nil − ummanym bar meniň.

Deşte saýýat bolup girse, gutarmaz bir maraly,
Bent eýlemiş bir zülpüne Kadyr Suhan bu haly,
Bahyllar pälin unudyp, sadaka kylmyş maly,
Bilmenem, janymdamy ol gözeliň hyýaly,
Gül roýuna günde ýanyp, ençe pyganym bar meniň.

Zaryma toba kylypdyr goňşy, gardaş, illerim,
Bilbile intizardyr bag içinde güllerim,
Zemin bilen süýrenipdir deňzi-Hazar ýellerim,
Aýdadyr Magtymguly, asal ermişdir dillerim,
Arş içre mekan tutan ajap dessanym bar meniň.

Görülen sany: 1379
Okalyşyna berlen baha: 2.9