IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝELDIM TUT

Dünýä görmeý, tutgun galsaň bir künçde,
Bady-paý dek ýer ýüzüne ýeldim tut.
Çyn-Maçynda, Hindde, Rumda, Hebeşde
Bolan-bolmuş hünärleri bildim tut.

Aç hem bolsaň, barma ile dilege,
Diý: «Köşkde men, başym barmyş pelege»,
Çölde galsaň hiç tapmaýyn kölege,
Erem bagy içre saýa buldum tut.

Aş göreňde, özüň atma tullanyp,
Gerçe aç hem bolsaň, halka bellenip,
Zer dökübän, çyn gullary goldanyp,
Tiz hem ölseň, Nuh ýaşyna geldim tut.

Mätäçligiň Hakdan özge bilmese,
Ol rozygär besdir, açdan ölmese,
Hint halky dek egin-örtiň bolmasa,
Patyşalyk puşeş çigne saldym tut.

Suwa, ýele hökmi geçen Süleýman,
Bak, olardan ne nam galdy, ne nyşan,
Teşne galsaň, jaýyň bolup çölüstan,
Derýa içre men Isgender boldum tut.

Ýoldaş bolsaň dile düşmez mur bile,
Ferş tapmaýyn, bile ýatsaň mar bile,
Ýigrim alty keret, ýüz müň är bile,
Karun hazynasyn ele aldym tut.

Magtymguly, çekseň jepa, jebir, bil – 
Hudaga hoş geler, şükür-sabyr bil,
Gylça jana gyzyl teni gabyr bil,
Gyzyl diliň sözlär eken, öldüm tut.

Görülen sany: 856
Okalyşyna berlen baha: 3.2