IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝEKÄNIŇ

Agalar, dünýäniň peýany bolmaz,
Iş başa düşende, dogany gelmez,
Märekede oýnap, hiç göwni galmaz,
Arman bilen geçer saly ýekäniň.

Bir ýeke ýigidiň bilinmez işi,
Elinde mal bolmaz, göwnünde hoşy,
Ýassyk çekip ýatsa – agyrsa başy,
Gözünde ganly ýaş doly ýekäniň.

Ýeke-ýetim gaýgy-gamdan gutulmaz,
Meýlisler gurulsa, ady tutulmaz,
Onuň üçin hiç alada edilmez,
Gaýgydyr-külpetdir haly ýekäniň.

Barly ölse, uly ile ýaýrandyr,
Garyp ölse, onuň yzy weýrandyr,
Bu işlere akyl-huşuň haýrandyr,
Gömülipdir şeýle ýoly ýekäniň.

Magtymguly, ýalan-ýaşryk sözleme,
Nogsanyň içinden haýyr gözleme,
Egisgin derdiňi diýgin, gizleme,
Il-ulusdyr dosty-ýary ýekäniň.

 

  • * Goşgynyň başky bentleri golýazmalarda gabat gelmedi.
Görülen sany: 743
Okalyşyna berlen baha: 2.9