Aklyň bolsa, ýagşylarga hemdem bol,
Akmak özün nadan bile ýar eýlär.
Hak aşyklar näzli ýaryň jemalyn,
Bir görsem diýp, gije-gündiz zar eýlär.
Näge syrym bolsa, aýdar men merde,
Kerwen ýata bilmez gorkuly ýerde,
Uly namyslarda ýaramaz derde,
Namart öýde sähel işi ar eýlär.
Namart külpetinden galyp men derde,
Köňlüm jaý tapmaýyr bir pynhan ýerde,
Maly köp diýp, myhman bolma namarda,
Jomart herçent gallaç bolsa, bar eýlär.
Namart öz öýünde merde söz aýdar,
Hak oňa kär etmez, tanapyn dartar,
Goç ýigit mal tapsa, hümmeti artar,
Namart baýadykça, köňlün dar eýlär.
Magtymguly, imdi özüňi gözle,
Haýyr işiň artdyr, ýamany düzle,
Aklyň bolsa, märekede az sözle,
Köp söz seni il içinde har eýlär.