IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

SYN BILEN

Gözel alsaň, aryplara gulak goý,
Syratyn sözleýir ýagşy syn bilen.
Uzak ýola düşüp, namart ýörmegil,
Ne iş kylsyn gury pyçak gyn bilen?

Namart deňin görse, gyzar, öwüner,
Dogry ýol salar-da her gün döwüner,
Mertler söweş heňin çalsa, sögüner,
Çünki gabat gelmegendir gan bilen.

Namartlara döndi ýalan zamana,
Mert goluna düşse goýmaz amana,
Bahyl tumşugyny tutar asmana,
Haramdan ýygylan tylla-kän bilen.

Ýagşy zat ýitmese, gözläp idelmez,
Mert ýanynda söweş tursa, güýdelmez,
Pukaralar adamdyr hem öýdülmez,
Garyp, sen gezer sen gury san bilen.

Söweş bolar ol gün namys arylsa,
Jeň dumany üýşüp, zemin ýarylsa,
Magşuk pakyr aglar, dostdan aýrylsa,
Mydam syrdaş bolup, ganly hun bilen.

Kişi namyslydyr el degse puşta,
Hiç kes oňa kylmaz dostluk rişte,
Şehitler gan bilen girse behişte,
Jomartlar baradyr aş-u nan bilen.

Baý bolup, döretseň altyn gabyňy,
Bir gün hemme biler seniň däbiňi,
Garyp düşseň, hökman açar aýbyňy,
Dost bolup ýaşaşsaň beýik han bilen.

Hany diýiň maňa: kim ýigit zory?
Bir zaman sözleşseň çohdur azary,
Jyda salmak — ol-da pelegiň käri,
Söweş kylyp, ol amanat jan bilen.

Şum aýralyk adamlara dakyldyr,
Ata-baba aýdar şeýle nakyldyr:
«Sözlemän oturmak, bilseň, akyldyr»,
Pyragy, hemra bol gözel din bilen.

Görülen sany: 758
Okalyşyna berlen baha: 0