IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

JOŞ BOLMASYN

Eý, ýaranlar − musulmanlar,
Däli köňül joş bolmasyn.
Ýene bir ýagşy ýigide,
Ýaman hatyn duş bolmasyn.

Her kim alsa Hakdan rehmet,
Gider gaýgy, galmaz mähnet,
Abat bolmaz, durmaz döwlet,
Hiç ülke bibaş bolmasyn.

Taňry dest bersin yslama,
Täsip edip at besläne,
Haram işläp, şer isläne,
Uzak ömür – ýaş bolmasyn.

Her kimiň öz synasynda,
Akly görner beýnisinde,
Iki dostuň arasynda,
Ýaman-ýowuz iş bolmasyn.

Her kişiniň öz zürýady – 
Jan hoşy – köňül kuwwaty,
Artsyn jomardyň döwleti,
Muhannesde aş bolmasyn.

Bir yşk düşse adam serne,
Uky gaçar, köňül urna,
Iki söýgüli bir-birne,
Ýakyn olsun, daş bolmasyn.

Sözüm aýdylsa her çaklar,
Akyly bolan gerçekler,
Bir iş düşende goçaklar,
Iş görmedik ýaş bolmasyn.

Il içinde özün öwer,
Dil dumany başdan agar,
Ýagyda nogsany deger,
Namartlar ýoldaş bolmasyn.

Sözle, heý, aşygym, sözle,
Gel, kyýamat işin gözle,
Magtymguly, syryň gizle,
Her namarda paş bolmasyn.

Görülen sany: 957
Okalyşyna berlen baha: 0