IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

HUNY BARDYR

Köýse ömrüm jebr yşkyna, yzynda Mejnuny bardyr,
Ýüzleri handan eýlese, çeşmide huny bardyr.

Peşe bilen pili tutup, gör, bu pelek oýun kylar,
Peşe diýip agyrtmagyl, jesetde jany bardyr.

Gözel ilden gider döwlet, merdi namarda döner,
Namarda dil, merde gülki, bigadyr hany bardyr.

Her gözelde bir aýyp bar, onki syna ornuda,
Süýde siňe nazar salsaň, içinde gany bardyr.

Leb üstüne leb goýup sen, zerre tagam bilmediň,
Emma ki ýaryň lebinde, yşk jawudany bardyr.

Azaşyban daň säherde, wasyl olsaň bir gapa,
Bag içinde şejer atly bir arguwany bardyr.

Mejnun kibi yşka köýseň, adam ogly, untmagyl,
Dowzah odundan beter ataş-suzany bardyr.

Pelek salsa her bir ýola, ýöregil sen, gaýtmagyl,
Çünki pelegiň golunda, uly permany bardyr.

Magtymguly, bu watany, sen terk kylyp ýörmegil,
Hüýr-peri, gulman-beşer, ençe jenany bardyr.

Görülen sany: 688
Okalyşyna berlen baha: 0