IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DUZ HEM BOLMASA

Togsan dürli tagam bolsa gaşyňda,
Ne lezzet içinde duz hem bolmasa.
Ne biler sen ne iş bardyr başyňda,
Müşgil işdir başda göz hem bolmasa.

Aýak bar ýörmäge, el bar almaga,
Hany bende, saglyk şükrün kylmaga,
Gulak bardyr eşidenin bilmäge,
Kim düzeder dilde söz hem bolmasa.

Ýok ýerden jan berip, ýetirdi nany,
Köňül bossanynda biter imany,
Adyň bende bolsa, Eýäňi tany,
Gelip, saňa ýüzbe-ýüz hem bolmasa.

Kysmatyn hak bilen ryzkyn azlamaz,
Söz bilenler bilen sözün gizlemez,
Köňül joşa gelmez, dil hem sözlemez,
Her ýürekde yşkdan köz hem bolmasa.

Ýyl-ýyldan fazyhat artar eýýama,
Hakyň Özi getirmese enjama,
Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.

Ýum gözüňi, gysyp gezgin dişiňi,
Ýaza ýetseň, unutmagyn gyşyňy,
Töwekgel et, Taňra tabşyr işiňi,
Sabyr bilen biter tiz hem bolmasa.

Magtymguly, hyýal düşüp özüme,
Köp tomaşa gelip, geçer gözüme,
Eşidenler, aýp etmesin sözüme,
Iller kimin sözüm uz hem bolmasa.

Görülen sany: 900
Okalyşyna berlen baha: 0