IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DERT NEDIR

Akyl, göz hem ykbal, iman dördüsi,
Jyda galsa, derman nedir, dert nedir.
Är ýigidiň bolmaz ýüzde perdesi,
Ykbal ýatsa, namart nedir, mert nedir.

Ýagşy derde düşer, aglar ýamana,
Namart gara görse, geler amana,
Nesip eýläp, münse ýörgür çamana,
Tana bilmez, başy nedir, art nedir.

Namart çaşyr, küren ile baş bolsa,
Aýbyn açar, öz ilinden daş galsa,
Serhoş bolan goç ýigide duş bolsa,
Salar gyljyn, üçi nedir, dört nedir.

Rüstem Zal at aldy, atlanyp atyn,
Ne zyýat iş etdi, diýiň, gaýratyn,
Peleň gazaplanyp ursa haýbatyn,
Dura bilmez, bars nedir, gurt nedir.

Magtymguly, aýla, pelegiň çarhy,
Tanar sen şol zaman duş gelen nyrhy,
Namardyň ýanynda ýok iliň parhy,
Pälin gözlär, mekan nedir, ýurt nedir.

Görülen sany: 1562
Okalyşyna berlen baha: 0