IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DAŞ DÖKER

Akmak bilen syrdaş bolsaň bir sagat,
Pynhan syryň sakla bilmeý, daş döker.
Dostluk açsaň bir biwepa ýar bilen,
Gaýgy birlen dahanyňdan diş döker.

Bedasyl götermez bäş gün mesligi,
Kelpezä ýuwtdurmaz aždar maslygy,
Bilgil, uzak gitmez aýy dostlugy,
Gahry gelse, depäň üzre daş döker.

Bedewi tanymaz har bakan-beslän,
Jomardy il tanar, adyly − diwan,
Aty meýdan tanar, hümmeti − myhman,
Jomart ogly supra ýaýyp, aş döker.

Ýigidiň maksady: mahbup, ýarag, at,
Il üstünde namys getir bigaýrat,
Obada jeň tapsa, sansyz bidöwlet,
Mert oglunyň depesinden muş döker.

Magtymguly aýdar, ýigitler başy,
Mejlisde köp bolar onuň syrdaşy,
Jeň wagtynda ýigitleriň başdaşy –
Il üstünde namys bilen baş döker.

Görülen sany: 826
Okalyşyna berlen baha: 2.9