IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

BIWEPALARDAN

Gözläp köňül berme biwepalara,
Bak, kim wepa görmüş biwepalardan.
Goýma özüň ýersiz bu jepalara,
Kim bähre tapypdyr bu jepalardan.

Yşkyň owazasyn diňle daşyndan,
Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan,
Serişdäň kem bolsa yşkyň işinden,
Bar, habar al gören mübtelalardan.

Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň,
Bendesi men söze hyrydar guluň,
Kyrk oýnaşly hatyn ýagşydyr, biliň,
Şereňňiz köp dilli kethudalardan.

Şeraban-tahurdan kime jam bolar – 
Köňül gözgi kimin nur-enwer bolar,
Dünýä ýedi başly ýalmawuz bolar,
Gaçanlar gutulmaz bu belalardan.

Ýatma, Magtymguly, eşretiň söýüp,
Munça ýatajak sen kepeniň geýip,
Hajatyn taparmy, hojasyn goýup –
Dileg eden kimse gul-gedalardan!?

Görülen sany: 735
Okalyşyna berlen baha: 3.1