IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

BAŞ ÝAGŞY

Aýak, golsuz galyp, maýyp bolandan,
Gülle degip, alyp giden baş ýagşy.
Kärsizlikden gam öýünde bişenden,
Çenden agdyk sere düşen iş ýagşy.

Kelle goýup saldyk hanyň galasyn,
Eşitdik ahy-zar, misgin nalasyn,
Golda saklap bolmaz jeren balasyn,
Hemra kylmak üçin toty  guş ýagşy.

Nakyl bardyr: «Ganar bolmaz ýarydan»,
Adamzat ýagşydyr gulman, periden,
Çoh işleri başdan salan garrydan,
Sözleşmäge, iş kylmaga ýaş ýagşy.

Ulag bardyr uzak ýollar geçmäge,
Şerap gözel meý-mest bolup içmäge,
Rahat seredip, göwün açmaga,
Daň säherde bir görülen düýş ýagşy.

Eşek göwni hoşdur çoh bolsa saman,
Gyş paslynda daglar bürener duman,
Gulaksyz, gözsüzlik, dilsizlik ýaman,
Aş iýmäge barçasyndan diş ýagşy.

Ylym-alym, baryp soraň arapdan[1],
Hywa hany suw ýuwudar Lebapdan,
Tagamsyz lukmadan, arak-şerapdan,
Göwün isteýip bir iýilen aş ýagşy.

Pyragy — dünýäde galan maýypdyr,
Üç ýüz altmyş eren — bary gaýypdyr,
Goç ýigide ýekelik-de aýypdyr,
Mert gardaşy üçden, dörtden, bäş ýagşy.


 

[1] Bu ýerde arap dilinde «ylym» hem «alym» diýen sözleriň ikisiniň hem bir kökden gelip çykýandygy ýaňzydylýar.

Görülen sany: 3998
Okalyşyna berlen baha: 0