IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝEL BILE

Göz, köňül, dil, akyl − galdy bu dördi,
Jan watan arzuwlap, turdy ýel bile.
Terhosym bar, gel, terk etme bu ýurdy,
Eşret sürgün, söhbet gurgun gül bile.

Bir ajap menzildir, umydyň üzme,
Göwnüňi sowutma, watan diýp gyzma,
Dükanyň dagytma, bazaryň bozma,
Ten mülkünde birniçe gün gal bile.

Myhman bolduň bu dünýäniň öýüne,
Köňül berip gitme onuň küýüne,
Başyň baglap, meşgul eder oýuna,
Gitseň bermez, aldap gezer dil bile.

Munda gul bol, bar ol jahan seniňdir,
Elwan nygmat, täze birýan seniňdir,
Behişt, Byrag, hüýri-ryzwan seniňdir,
Asy adam, dogry gelseň ýol bile.

Pelek goýmaz, bu gezdigiň saraýda,
Gurt bile koý mydar etmez bir oýda,
Dünýä doly gazna ýygsaň ne peýda,
Çyn mal oldur – jaýna berseň el bile.

Gögi büküp, ýazsa ýeriň ýüzüni,
Gurt gaňrylyp, gapa bilmez guzyny,
Mübärizler tuta bilmez özüni,
Pil hem durar baglasalar gyl bile.

Magtymguly, Hak gullugyn bitirse,
Är ol bolar – emrin berjaý getirse,
Möwlam Özi diwan üçin otursa,
Peşe turup, dawa urar pil bile.

Görülen sany: 826
Okalyşyna berlen baha: 0