IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝAT ÝAGŞY

Hoş günüňde hoştaplaşyp gezmäge,
Baryşmaga, gelişmäge ýat ýagşy.
Gamly günüň, galmagalyň üstünde,
Gardaş ýagşy, dogan ýagşy, zat ýagşy.

Halal işle − ahyretden wehmiň bar,
Pakyry ynjytma − köňül rehmiň bar,
Aşyk aýdar, azda-köpde pähmiň bar,
Akyl bolsaň, söze gulak tut ýagşy.

Ýürek daýanjydyr ogul zürýaty,
Şirin mahbup erer süňňüň kuwwaty,
Ýigidiň dünýäde üçdür myrady,
Mahbup gerek, ýarag gerek, at ýagşy.

Mollalar ahyret sözün söýlärler,
Müňkür olma, gerçek işdir, eýlärler,
Kim biler ki, ahyretde neýlärler,
Iýip-içip, münüp-guçup öt ýagşy.

Taňry giň eýlese bende köňlüni,
Ryzk agzyna girer − tutsaň elini,
Döwlet güzer etse, tapar ýoluny –
Geler bolsa, gider bolsa, ýat ýagşy.

Nep almaýan kişi sözden, öwütden,
Enaýlygy bolmaz gury söwütden,
Deň-duş bilmez, many aňmaz ýigitden,
Agylyňda yssy beren it ýagşy.

Magtymguly, dostdan syryň gizleme,
Biwepadyr nämähremi gözleme,
Ümsüm otur, halk içinde sözleme,
Sözlär bolsaň, söz aslyna ýet ýagşy.

Görülen sany: 1616
Okalyşyna berlen baha: 3