IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝARYM, ÝA, ALLA

Jan joşguna geldi, ýandym, ýaryldym,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla.
Sangysyz söýüşdim, öýsüz aýryldym,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla.

Sözleşerdim, syrlaşardym ýar bile,
Ýüregimde ýar hyýaly bar bile,
Imdi, leýkin, aýyrdylar zor bile,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla.

Köňül hoşdur ýada salyp gezmände,
Ýadyma salmanda, yşkym gyzmanda,
Meni gamda goýmaý özi permanda,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla.

Yhlas ile ýar meni diýr, men ýary,
Jowrandy jigeri, gitdi karary,
Ol onda ah çeker, men munda zary,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla.

Bardy pynhan-pynhan şirin sözümiz,
Bolan işe haýran galdyk özümiz,
Bir-bire bakmakdan doýmaz gözümiz,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla.

Elim Saňa ýetmez arzym aýtmaga,
Işimiň rowajy ýokdur bitmäge,
Dilber derdi goýmaz meni ýatmaga,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla.

Magtymguly, dünýä köne jahandyr,
Söýüşmeklik bu dessury-zamandyr,
Jürmüm çoh bolsa hem, keremiň kändir,
Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla.

Görülen sany: 655
Okalyşyna berlen baha: 0