IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ŞAÝLAMAÝYNMY?

Ömre ygtybar ýok, jana durum ýok,
Ahyret esbabyn şaýlamaýynmy?
Bende men, barara gaýry ýerim ýok,
Istegim Özünden eýlemäýinmi?

Ýaranlar, ýetmek ýok Suhan syryna,
Açsa ýolum − ýetsem Dost eserine,
Ryýazaty ýükläp nebsim şütürne,
Yhlasa iýtdirip, haýlamaýynmy?

Ýokluga ýandyryp, menlikden sagyn,
Eşkimden suwarsam nistligiň bagyn,
Ujb, ryýa, kibr, hasat matagyn,
Bölüp, rahzenlere paýlamaýynmy?

Aby-towpyk ýuwup jesedim nawyn,
Hümmet bile ötsem ybadat zawyn,
Ruhum guşun besläp, nebsimiň awun,
Pikir bişesinden awlamaýynmy?

Magtymguly, ne bar içmek, iýmekden,
Jan jesetden gider, et hem sümekden,
Göz görmekden galar, dil hem diýmekden,
Dilim teprenerkän, söýlemäýinmi?

Görülen sany: 529
Okalyşyna berlen baha: 3