IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ŞALYK BILE

Deň bolar diýp saýmagyl, işiň bet efgallyk bile,
Hiç haçan deň bolmagaý eşek bedew şalyk bile.
Gardaş olma hyz-haramy, pitne-ryswalyk bile,
Başyňy gowgaýa salma maly-dünýälik bile,
Tur, säher ýat eýle Haky, ýygla tenhalyk bile.

Bardy Turuň dagyna, Hak birle boldy ol Kelim,
 Ötdi anlar, galdy dünýä, geçdi eýýamul-kadym,
Ýatsa ýer boldy düşek, örtünjesi parça kilim,
Bakdy goýnun Şugaýbyň ýedi ýyl Musa Kelim,
Çölde gezdi daýyma, raz aýdyşyp Halyk bile.

Eý, aty ýüwrük ýigit, özi goçak, gülgün kaba,
Munda jebr eden kişi, ol günde bolgaý rusyýa,
Her kişi zor ile  alsa mal bu gün, bergeý saba,
Ol weliler serweri Soltan Weýis dek öwlüýä,
Düşegi, örtünjesi boldy gara halyk bile.

Ýakup ogly ol Ýusubyň käkilinden tutdular,
Urdular, aglatdylar «Gurt iýdi» diýip satdylar,
Niçe ýyl Eýýup pygamber tenni gurt iýp ýatdylar,
El-aýagyn baglaýyp, Ýunusy derýa atdylar,
Niçe wagt tagat çekip, «Huw!» diýdi bir balyk bile.

Sen niçik, Magtymguly, ýamanlygyň unutmadyň,
Gähi-gähi zalym olduň, görgeniňden gaýtmadyň,
Gähi-gähi sopy bolduň, hiç haramdan datmadyň,
Bilmedim, sen haýsy bolduň, belli bir iş tutmadyň,
Ne sypagärlik bile bolduň, ne mollalyk bile.

Görülen sany: 801
Okalyşyna berlen baha: 2.9