Suw ýüzünde gezen niçe gämini,
Bir gün agdarar sen, saly, dünýä, heý.
Adam ogly barmaz bolsa yzyňdan,
Munda diýp aldar sen maly, dünýä, heý.
Bilermi sen, haçan tükener demiň,
Gabyr bolar bir gün basan gadamyň,
Döwran gerdişinde gapyl adamyň,
Üstünden salar sen ýoly, dünýä, heý.
Aramyň ýok, kararyň ýok, dynmaz sen,
Gije-gündiz gan içer sen, ganmaz sen,
Ahyr ne belaň bar, soňun sanmaz sen,
Aklyny aldyran däli, dünýä, heý.
Habarsyz geler sen, ýaka tutar sen,
Ýagşy eýläp, ýaman eýläp öter sen,
Bir gün aşymyza awy gatar sen,
Owwal aldap biýr sen baly, dünýä, heý.
Aýlanar, gyş geçer, ýaz, tomus, güýz hem,
Onuň-le ýagşydyr, dag, deňiz, düz hem,
Ahyry ötermiz üstüňden biz hem,
Gugaryp galar sen, haly, dünýä, heý.
Köpleri ýok etdiň, käni ýuwutdyň,
Muhammet – Hak Resul jany ýuwutdyň,
Harun, Karun, Süleýmany ýuwutdyň,
Budur seniň işiň, beli, dünýä, heý.
Adam oglun saldyň tükenmez gama,
Ýaş-garry – ýoluňda sergezdan heme,
Bir mada eşek sen gelip sen deme,
Gasygy gam bilen doly, dünýä, heý.
Magtymguly, dünýä syryn duýmaz sen,
Bu gün gördügimiz ertä goýmaz sen.
Niçe wagtdan bäri iýer, doýmaz sen,
Ýykylgyn, ýumrulgyn, loly, dünýä, heý.