IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

PANY-JAHAN GEREKMES

Pelek, maňa mal berer sen, ol genji-kän gerekmes,
Gözel ýarymy görmesem, pany-jahan gerekmes.

Baga girip neýleýin men, joş uran anbaryňy,
Bilbilim ýesir kylyp sen, gözel reýhan gerekmes.

Ilim-günüm hary-zardyr, gelsin döwlet leşgeriň,
Dini hödür eýleýir sen, ajap Gurhan gerekmes.

Biziň iliň şa-gedasy, pelek, saňa ýük bolar,
Her kes özige soltandyr, han-u soltan gerekmes.

Bu zemini lerzan kylyp, asman, jünbüş eýlediň,
Ahyrzaman sary ýördüň, mahy-taban gerekmes.

Meýlis kylar boldy bu gün il-günümiň barysy,
Gelmegin sen, ser goşup ki, bize myhman gerekmes.

Kylgyl ömrümizi zyýat, gaýry närse istemen,
Bu ajaýyp çaglarymda ajal-peýman gerekmes.

Çarh üstünde bina kylyp, bizleri sen jaýladyň,
Kaýyl bolaý bu jaýyňa, emma gerdan gerekmes.

Daýym ömrüm ötüreýin, beren bahar paslyda,
Erkanadyr bilbil-sowsan, bize hazan gerekmes.

Namartlary daş eýlegil bu meýlis etrapydan,
Är ýigitler serhoş bolar, namart-zenan gerekmes.

Her kime sen bagş edip sen, ýagşy-ýaman bir güli,
Ol güllerden gaýry bize sahypjenan gerekmes.

Magtymguly, sen sözlegil − diýdi goçlar meýlisi,
Sen güftar sen bu meýlisde, gaýry dessan gerekmes.

Görülen sany: 673
Okalyşyna berlen baha: 3.2