IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

MALLAR DARGADY

Eý-ä, dostlar, pelek zulum eýleýip,
Bazarymdan zerrin mallar dargady.
Pelek gazap kylyp, başym aýlaýyp,
Göwün içre bar hyýallar dargady.

Gezer boldum, il içinde san bolup,
Gymmatdan düşüp men, derdi-hun bolup,
Bidöwlet, buzahor ile han bolup,
Jebir kyldy, gözel iller dargady.

Gaflat ukusynda bendidir gözler,
Uýalar il-günden gymmatsyz sözler,
Gyşda nowruz geldi, gyş boldy ýazlar,
Dehistandan gelen ýeller dargady.

Magtymguly, ýüregimde dert galdy,
Dert üstünden pelek nazaryn saldy,
Ykbal ýatdy, göwn gämisi gark boldy,
Onuň bilen barça sallar dargady.

Görülen sany: 525
Okalyşyna berlen baha: 0