IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

JOŞA DÜŞÜP SEN

Gel, köňül, gözlegil älem-jahany,
Söýle, neçün beýle joşa düşüp sen?
Älemde seniň dek ýokmy dahanly,
Syryň dessan eýläp, paşa düşüp sen.

Sökseler neýlär sen, sen namyrada:
«Seniň kimin ýokmy – diýip – dünýäde,
Ýa şeýle güýçlümi yşkyň zyýada,
Hetdiň bilmeý, aşa-aşa düşüp sen».

Gadam goýsam, sähralara, çöllere,
Köňül gaýnar, söz joş eder dillere,
Iller saňa haýran, sen hem illere,
Ýa aklyň aldyryp, çaşa düşüp sen.

Baka ýokdur söhbetiňe, sazyňa,
Ygtybar ýok gyş günüňe, ýazyňa,
Sen bu derdi ýok etmeseň özüňe,
Ol kürä, güdaza neýşe düşüp sen?

Magtymguly, hamu ýola baş urduň,
Çohlar bilen gezdiň, oturdyň, turduň,
Ýalançyda ne hezl etdiň, ne gördüň,
Imdi sen otuz dört ýaşa düşüp sen.

Görülen sany: 734
Okalyşyna berlen baha: 2.8