IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

JOŞ GELSE

Dünýäde niçe iş bardyr, ýamandyr,
Biri ol kim, ýersiz gahry joş gelse.
Aşyga her bir gün ahyrzamandyr,
Ýardan yrak düşüp, ara daş gelse.

Dostuňy egleme, nepden galmasyn,
Duşmanyň saklama, syryň bilmesin,
Açda algyň, bege bergiň bolmasyn,
Iş müşgildir, aňlamaza duş gelse.

Zemin seni häli-häli ýuwtarmy,
Akyl beýle ýerde bigam ýatarmy,
Hiç bir masgaralyk mundan ötermi,
Giden gury gitse, gelen boş gelse.

On gat öýüň bolsa demir galadan,
Ajal tapar emr bolsa Alladan,
Hakykat är ýüz döndermez beladan,
Hak ryzasy bilen başa daş gelse.

Aşygam diýp, lap urarlar ýalandan,
Manysyny sorgul belli bilenden,
Il gözünçe ýüz ýyl tagat kylandan,
Ýagşydyr bir säher gözden ýaş gelse.

Baýlar baglap sahawatyň gapysyn,
Köpelder tamugyň möýün-apysyn,
Görüň bu eýýamyň − wagtyň sopusyn,
Dannamaz-da dykar otyr aş gelse.

Magtymguly, söýle aklyň ýetinçä,
Kyýamatyň gazan bikär ýatynça,
Tamugdadyr tä dünýäden ötinçä,
Ýaman hatyn ýagşy äre duş gelse.

Görülen sany: 914
Okalyşyna berlen baha: 0