IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

JAN ÇYKAR

Ger tutsa halymdan habar, gury agaçdan gan çykar,
Ynsan şerarymdan eser tapsa, teninden jan çykar.

Karun kylyp malyn eda, set jan eder bolsa pida,
Gün şemgiden bolup jyda, nurun goýup, pynhan çykar.

Bir köşede bolsam mukym, köňle getirsem gadry-sim,
Her köşeýi-weýranadan set genji-bipaýan çykar.

Köňlüme gelen nagyşlar gözlere peýda bolsa ger,
Düşse gözi nadanlaryň, kämil bolup, merdan çykar.

Hiç aňlamaý zir-u ziber, ger tapsa jezbämden eser,
«Elipden», «biden» bihabar, her demde bir Gurhan çykar.

Jebr etdi Jemşit janyna, ki erdi magdan känine,
Ýüz ýyl okap paýanyna ne Zal-u ne Lukman çykar.

Men hem Pyragy, ol gadar, aklymy kyldym derbe-der,
Bir bahünär tapsa habar, per baglaýyp, asman çykar.

Görülen sany: 904
Okalyşyna berlen baha: 2.9