IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

IGLÄRLER

Sag-salamat, sermest bolup gezen jan,
Dört belanyň birisinden iglärler.
Ýa sowukdan, ýa yssydan guryr gan,
Ten üstünde tebipleri eglärler.

Ryzk wekili geler ryzkyň ýok edip,
Göwräňi guradyp, ýoluň bek edip,
Demiň perişdesi demiň tükedip,
Iliň-günüň özge ýurda çaglarlar.

Egsikleriň saç ýaýarlar, baş döküp,
Ýary-dostuň ýyglaşarlar ýaş döküp,
Gardaş-dogan katlanarlar aş döküp,
Gonsa, göçmez − karar ýurda baglarlar.

Habar düşer: «Pylan kimse ötdi» diýp,
«Çyragy söndi» diýp, «Güni batdy» diýp,
«Bu dünýäden o dünýäge gitdi» diýp,
«Alla rehmet etsin!» diýip, dargarlar.

Kim bardyr ki, pelek bagryn ezmemiş,
Göwresin gyýmamyş, köňlün bozmamyş,
Magtymguly, dag-derýalar dözmemiş,
Bu dessurdyr, aýralyga aglarlar.

Görülen sany: 958
Okalyşyna berlen baha: 3.1