IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

HER ÝANA

Ýarsyzlykdan ýaman iş ýok,
Göz salyp gezsem her ýana.
Ýa, Ýaradan, bir ýar bergil,
Köp muşakgat degdi jana.

Bir ýar bergil etli-ganly,
Köňli giň, göwsi meýdanly,
Dil bilen, akly kemally,
Ýüzi hem bolsun görkana.

Gadyr bilenden daş etme,
Nägadyra ýoldaş etme,
Dil bilmez bela duş etme,
Sada dil bolsun – türkana.

Keremiň güýçlüdir, görgül,
Diýr sen: «Doga kyl, el gergil»,
Ne berseň, tiziräk bergil,
Ygtybar ýokdur bu jana.

Ýagşy aýal ele gelmez,
Nadan ýagşyň gadryn bilmez,
Aýalsyza mydar bolmaz,
Dönseň hökmi-Süleýmana.

Derwüşlere ýolsuzlygy,
Ýigitlere malsyzlygy,
Ylahy, aýalsyzlygy,
Görkezme hiç musulmana.

Magtymguly, köýsem, bişsem,
Ynanmazlar oda düşsem,
Höwesim bar, bir gyz guçsam,
Diýsem sözümi erkana.

Görülen sany: 878
Okalyşyna berlen baha: 0