IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

HAKY ÇÜN

Ýa, Ýaradan, myradyma ýetirgil,
Ýa, jemaly-Jelililla haky çün.
Keremiňden ykbalyma dest bergil,
Owwal Adam Safyulla haky çün.

Edebi-ekramy, şermi-haýasy,
Delili-burhandyr − onuň güwäsi,
Älemi gark etdi onuň dogasy,
Dostuň Nuhy-Nebiulla haky çün.

Beýtil-Mukaddesde, Ymran ilinde,
Atasyz bar bolan ene bilinde,
Gudratyň meşhurdyr Merýem oglunda,
Ýa, Rep, Isa Beruhulla haky çün.

Kapyrlar beslegen oglan çagynda,
Bir oda ýolugan dost pyragynda,
Baryp, raz aýdyşan Sina dagynda,
Tury-Musa Kelimulla haky çün.

Otlaýyp-suwlagan Arşy-aglada,
Goçgarlar gönderip, kyldyň azada,
Ysmaýyl gurbanyň boldy Minada,
Ýa, Ybraýym Halylulla haky çün.

Bu ýolda parh etmez begler, soltanlar,
Ýa, gaýyplar, dogry ýola eltenler,
Onki ymam, ýedi weli, çiltenler,
Hydyr, Ylýas Nebiulla haky çün.

Düşdi luw ýyly magraç gallesine,
Byrag münüp çykdy Arş pellesine,
Paşmagy täç olmuş Arş kellesine,
Ýa, Muhammet Resululla haky çün.

Ezber eýläp okydylar Gurhany,
Taha-ýu Ýasyny, Alham süräni,
Abu Bekr Syddyk — Resul ýarany,
Omar, Osman, Esedulla haky çün.

Magtymguly, çagyr Repbul-ybady,
Bu dünýä, ahyret bergil myrady,
Resululla goýmuş adyn Azady,
Atam — Döwletmämmet molla haky çün.

Görülen sany: 936
Okalyşyna berlen baha: 2.8