IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

GEZEMEK BILEN

Ýetmiş ýaşly gardaş, girmegil ýaýa,
Okuň daşy deşmez gezemek bilen.
Guwanma kesekden gurlan binaýa,
Kesek bina tutmaz düzemek bilen.

Adamzatdan çykar adamlyk ysy,
Galp adamyň basym biliner misi,
Mömine azar biýr adamyň pisi,
Turar, dawa tutar duz-emek bilen.

Uzak ýola bidöwleti baş etme,
Erki elden berip, köňlün hoş etme,
Akmaga iç berip, syryň paş etme,
Galbirde suw durmaz gözemek bilen.

Dost tutma köp ýaşly adam kösesin,
Baryn ýok diýp, boş görkezer kisesin,
Biribar boş etse aklyň käsesin,
Ne peýda daşyndan bezemek bilen.

Owwal, Magtymguly, özüň düzetgil,
Halk dünýe diýr, sen kyýamat göz etgil,
Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil,
Ne bar manysyz söz uzamak bilen.

Görülen sany: 631
Okalyşyna berlen baha: 0