IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

GALANDAR BILE

Görerge sapa men, tanyrga dilkeş,
Diwanaýy-dehrem galandar bile.
Çekdigim naladyr, ýüregim gamkeş,
Höregim ataşdyr semender bile.

Jesedim hoşnema, jigerim birýan,
Ýüregim pürgamdyr, gözlerim girýan,
Dilim guş dilidir, suratym – ynsan,
Hemzybanam barça çemender bile.

Pelek kine çekmiş, eýýam ant etmiş,
Döwletim boýnuna gyl kement atmyş,
Ykbalym işigin bagtym bent etmiş,
Daşyn demir, için külünder bile.

Hajatym ber, ýa Hak, eýle tedbirim,
Maksadym şanyna tokuna tirim,
Dermende galyp men, Sen-Sen destgirim,
Hydyr ata, Isa pygamber bile.

Magtymguly aýdar, ýer ýüzün ýüzseň[1],
Ahyry ölümdir dünýäni düzseň,
Üç ýüz elli alty ýyl älemi gezseň,
Pylkus ogly şahy-Iskender bile.


 

[1] Bu ýerde dünýäniň köp böleginiň suwdan ybarat bolandygy üçin şeýle görnüşde beripdir. Käbir soňky golýazmalarda “ýörseň” nusgasy hem bar.

Görülen sany: 865
Okalyşyna berlen baha: 2.9