IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DIŞ GITMEK

Tagam lezzetin alar,
Dahanyňdan diş gitmek.
Aňyrsyzy azdyrar,
Götin döwlet piş gitmek.

Şeýtan ýolun bek eýlär,
Gara ýüzün ak eýlär,
Ýüz müň günä ýok eýlär,
Säher gözden ýaş gitmek.

Peltesiz ýag çyraga,
Yşyk salmaz gyraga,
Ilin salar aýaga,
Aýak galyp, baş gitmek.

Niçe pise zar bolup,
Ýatsaň ýeg bimar bolup,
Hoşdur ýagşa ýar bolup,
Bir ýamandan daş gitmek.

Ulaşmaganlar gama,
Şükr etmezler hoş deme,
Abyraýdyr adama,
Ýagşy gelip, hoş gitmek.

Ýaman dil – ýol ýitirer,
Ýagşy – rehmet getirer,
Äre sangy ýetirer,
Kyrkdan aşyp, ýaş gitmek.

Pyragy dünýä düýşdür,
Düýş görseň, düýbi hiçdir,
Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.

Görülen sany: 1143
Okalyşyna berlen baha: 2.9