IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DAŞY SYNDYRAR

Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolsa,
Daga azy ursaň, daşy syndyrar.
Täleýiň ters gelse, bagtyň şor bolsa,
Paludanyň peri dişi syndyrar.

Ajalyňdan gorkup girseň ummana,
Gorkudan ne peýda gidejek jana,
Ömrüň ahyr bolup, dolsa peýmana,
Haşhaşyň samany başy syndyrar.

Bar sözüne gulak goýgul bileniň,
Ahyry hiç ýere ýetmez ýalanyň,
Ömür saly artar alkyş alanyň,
Gargyş galyndyrmaz, ýaşy syndyrar.

Akylyň sözüne köňül söýüner,
Akmagyň işine zehin käýiner,
Muhannes giň ýerde akyl saýynar,
Dar ýerde akyly-huşy syndyrar.

Magtymguly, çölde gezen naşyny,
Bilik sorma, köp sürdi diýp ýaşyny,
Dar mejlisde doly berseň käşini,
Aşyn iýe bilmez, käşi syndyrar.

Görülen sany: 904
Okalyşyna berlen baha: 2.8