IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

AÝYŇ ÝAGŞYSYN

Ýigrimi dört sagat, on iki aýda,
Remezan  diýerler aýyň ýagşysyn.
Pena döwranynda, ýeriň ýüzünde,
Şamy-şerip diýrler jaýyň ýagşysyn.

Ýa, ýaradan Kadyr, gudratyň kändir,
Ol gudrat işlere akyl haýrandyr,
Pikir ýetmez, ýa Rep, niçik pynhandyr,
Zulmat içre goýduň suwuň ýagşysyn.

Garga guş ýaraşmaz beýik baglarda,
Gül üstünde bilbil saýrar çaglarda,
Ýeriň arkasynda, gençli daglarda,
Aždarha eýelär zawyň ýagşysyn.

Eliň ýetse, arzyň aýtsaň Suhana,
Akyl haýran bolar beýle diwana,
Ýürekde dert bolup, deger hem jana,
Şagal ýaryp gitse awuň ýagşysyn.

Yşk meni ýandyrdy, janym keseldir,
Dert başdan aşadyr, işim osaldyr,
Bu gadymdan bolup gelen meseldir,
Kirpi ýolar gider gawun ýagşysyn.

Munys bolar dilin bilseň wagşynyň,
Hakyn nähak eýlemegin goňşynyň,
Aklyň bolsa, abyraýly kişiniň,
Ýamanyn örtübän, ýaýyň ýagşysyn.

Magtymguly, bu döwrana-zamana,
Ýagşyny ýygladyp, duşyr ýamana,
Gardaşlary Ýusup kimin janana,
Rowa görmediler jaýyň ýagşysyn.

Görülen sany: 960
Okalyşyna berlen baha: 2.9