IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

AMAN EÝLEDIM

Bilmeýen öten ömrüm zary-girýan eýledim,
Telmuryp hijran bilen nurbat-aman eýledim.

Puşeşime düşdi gözüm geýmişem lahat lybas,
Erse ençe zaman ony ajap jöwşen eýledim.

Jahan içre gözleseňiz, men kibi awara ýok,
Çeşmim üzredir gubar, ony duman eýledim.

Il-günümden uýalyp men, bu esgi lybas bilen,
Emma ki däli göwni jahanda soltan eýledim.

Topulanda doňuz bir dem urmasa nyşanyny,
Gaýratyndan jyda düşer, tilki messan eýledim.

Gojalsa-da gurt ähliniň dahanynda gany bar,
Gala bilmese orundan, awlar güman eýledim.

Şir gelende, tilki-şagal bilmez ne iş kylaryn,
Şir görmezde gözleri jahanda pälwan eýledim.

Har özüni saýmaz egsik är münen çamanydan,
Bedew bolmagan jaýynda hary çaman eýledim.

Namart ähli merdi görse, urar toprak başyna,
Beýle ki namartlary panyda zenan eýledim.

Mert ählini görse gözüm, ne armany bar onuň,
Mert ähliniň soltanyny men Çowdur han eýledim.

Men aşygam, boldum Ýusup, yşkynda perwaz urup,
Göwnüm içre gözel ýarym Züleýha jan eýledim.

Ýusup kibi maksadyma ýetmedim men panyda,
Tagt ornuna ýanan jan birle arman eýledim.

Suýy-asman üzre men tylla köşgüm gurmasam,
Emma ki gökleň ýurdun özüme mekan eýledim.

Magtymguly, dahan açyp sözleýip men köp kelam,
Sowgat bolsun üçin ile ajap dessan eýledim.

Görülen sany: 804
Okalyşyna berlen baha: 2.9